Şöhrata beslenen ömür

8 Awgust 2024
170

Taryhda bolup geçen wakalar, olara dahylly ynsan ömürleri barada pikir ýöretmek, hakydalarda galar ýaly, geljek nesillere ýetirmek üçin beýik şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirmek ynsan ogluna mahsus zatdyr. Ýyllar geçip, heňňamlar aýlanyp dursa-da, döwri döwür eden şahsyýetler hakyndaky ýatlamalar ýyllar geçdigiçe nesilleriň hakydasynda berkäp, ruhlandyryjy çeşme bolup hyzmat edýär.

Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow barada söz açylanda, ilkinji nobatda, bu eziz ynsanyň nesiller üçin nusgalyk ömür ýoly barada oýlanýarsyň. Bütin ömrüni halkyna hyzmat etmäge bagyş eden bu sahawatly ynsan baradaky ýatlamalary okanyňda, onuň parasatlylygyna, zähmetsöýerligine, adalatlylygyna, dogruçyllygyna, merdi-merdanalygyna ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. 

Rahat TÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar