“Täjik demir ýollary” GDA ýurtlaryndan ýükleri daşamak üçin uly arzanladyşlar hödürleýär

8 Awgust 2024
218

“Täjik demir ýollary” Döwlet bitewi kärhanasy GDA ýurtlaryndan demir ýol arkaly gatnawlar üçin uly arzanladyşlary hödürleýär. Bu barada Respublikanyň Ulag ministrliginiň metbugat merkezine salgylanyp, Täjigistanyň milli habarlar gullugy «Ховар» habar berýär.

«Duşanbe – Kulýab» ýolagçy otlusynda 60%, şeýle hem Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň demir ýollarynyň ýolbaşçylary bilen baglaşylan şertnama laýyklykda öňünden petek satyn alýan ýolagçylara 45%-e çenli arzanladyş göz öňünde tutulýar.

Beýleki habarlar