Milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda möhüm ädimler

8 Awgust 2024
207

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barlyp, ol milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, tehnologiýalaryň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksadyny nazarlaýar. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu işleri ilerletmegi möhüm strategik ugurlaryň hatarynda kesgitläp, öňde wajyp wezipeleriň durandygyna ünsi çekdi.

Mälim bolşy ýaly, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ähli pudaklaryň öňünde uly wezipe — Garaşsyz Watanymyzy sanly ykdysadyýete geçen, dünýäde öňdebaryjy döwletleriň birine öwürmek wezipesi durýar. Bu ymtylyş halkara tejribeden gözbaş alýar. Häzirki zaman dünýäsini sanly tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk iň täze ylmy-tehniki çözgütleriň önümçilige ornaşdyrylyşy, ösen tehnologiýalaryň netijeliligi bilen kesgitlenilýär. Aslynda, «sanlylaşdyrmak» düşünjesiniň özi harytlaryň önümçiligini we hyzmatlaryň dolandyrylyşyny döwrebap intellektual tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly kämilleşdirmegiň täze tapgyryny göz öňünde tutýar. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň esasy sebäbi döwlet dolandyryşyny, maliýe ulgamyny, lomaý we bölek söwdany, jemagat-durmuş hyzmatlaryny öz içine alýan gurşawyň ösmegi bilen baglydyr.

Batyr BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bölüm başlygy.
Beýleki habarlar