Mekdep bazarlary gyzyşýar

7 Awgust 2024
175

Täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlamagyna az wagt galdy. Her ýylda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde däp bolşy ýaly, «akylly» şäherimizde-de, 1-nji awgustda mekdep bazarlary açyldy. Bu söwda nokatlarynda şäherimiziň ýaşaýjylarynyň we körpeleriň isleglerini kanagatlandyryp biljek ähli harytlar amatly we elýeterli bahalardan ilata hödürlenýär.

Mekdep okuwçylarynyň okuw döwründe gerek bolan ähli esbaplary we harytlary köpdürlüligi, ýokary hilliligi we elýeterliligi bilen tapawutlanýar.

Şemşat BERDIÝEWA,
Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň hünärmeni.
Beýleki habarlar