Habarlar

7 Awgust 2024
187

Gowaça bejergisi ýokary depginde

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «ak altynyň» bereketli harmanyny döretmek ugrundaky derwaýys çäreler welaýatymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Akdepe etrabynyň «Agzybirlik» daýhan birleşiginde hem giň gerimde amala aşyrylýar. Birleşigiň pagtaçy kärendeçileri häzirki wagtda 900 gektar meýdanda kadaly boý alyp, hasyl toplap, göwünlerini galkyndyrýan gowaçalaryň ideg işlerine aýratyn üns bermek bilen, oňat netijeleri gazanýarlar. Şonda bu ýerde şu dowam edýän ýylymyzda pagtaçylyk bilen meşgullanýan 560-a golaý kärendeçiniň köpüsi başgalara görelde bolmagy başarýarlar. Şeýlelikde, gowaçalary haşal otlardan arassalamak, suwarmak, zyýankeşlerden goramak bilen birlikde, olaryň ujuny çyrpmak işleri hem ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Bu babatda zähmetsöýer kärendeçilerden Maýsa Ataýewanyň, Aýnabat Ballyýewanyň we beýlekileriň has-da tapawutlanýandyklaryny bellemek ýerliklidir. Birleşigiň pagtaçylarynyň şeýle agzybirlikli zähmeti olaryň şu ýyl uly üstünliklere eýe boljakdyklaryndan habar berýär.

Beýleki habarlar