Hazynalar ummany

7 Awgust 2024
109

Gojaman Hazar deňziniň türkmen kenary bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä derejesinde dabaralanýan merkezine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri netijesinde dostlukly döwletleri ählumumy bähbitlere gönükdirýän halkara derejeli forumlar, maslahatlar, öňde goýlan maksatlara ýetmegiň ýolunda ädilýän möhüm ädimler bu günki gün hut şu ýerden başlanýar.

Bilşimiz ýaly, 2003-nji ýylyň noýabrynda Tähranda Hazarýaka döwletleriň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa gol çekildi. 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje giren bu Çarçuwaly konwensiýa Hazar deňzi boýunça goňşy döwletleriň arasyndaky hukuklary we borçnamalary berkitmekde möhüm ädim boldy. Şol gün «Hazar deňziniň güni» hökmünde Hazarýaka döwletleriniň, şol sanda milli senenamamyza şanly baýramçylyklaryň biri hökmünde girdi. Bu sene mynasybetli indi her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat hem bu ugurda öňde goýlan nobatdaky maksatnamalary ara alyp maslahatlaşmakda we möhüm çözgütleri kabul etmekde ähmiýetli orun eýeleýär. 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde altynjy Hazar sammiti geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz sammitde eden taryhy çykyşynda: «Türkmenistan umumyhazar gepleşiklerine işjeň gatnaşmak bilen, bu işe mundan beýläk-de öz goşandyny goşmaga, ähli meselelere gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga we olar boýunça ylalaşykly çözgütleri tapmaga taýýardyr» diýip bellemek bilen, ýurdumyzyň ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigini nygtady.

Sapargeldi DAŇATAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kafedra müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar