Ykdysadyýetimiz ösüş ýolunda

7 Awgust 2024
147

Islendik ulgamyň ösüşi üçin, ilkinji nobatda, ýola goýuljak işleriň hemmetaraplaýyn maýa goýum serişdesi bilen üpjün edilmegi zerur bolup durýar. Mysal üçin, bilermenler soňky döwürde uzak aralykdan işleýänleriň sanynyň artýandygyny aýtmak bilen, şeýle usulda işleýänleriň aglabasynyň özi üçin wezipe taýdan ösüşleri gazanmagy däl-de, eýsem, işiniň amatyny hem ýokary gazanjy ileri tutýandygyny belleýärler.

Sanlylaşdyrma — bu ykdysady ulgamyň ösüşini kepillendirýär. Has dogrusy, bu ulgamyň geljekdäki amala aşyrylmaly wezipeleriniň işjeňligini ýeňilleşdirýär. Hemmetaraplaýyn sanlylaşdyrma tutuş dünýäde ileri tutulýan meýildir. Sebäbi sanly ykdysadyýet zähmet bazarynyň ösüş ugurlaryna ýiti täsir edýär. Bu ugurda sanly tehnologiýalaryň ýaýraýyş tizligi işewürligiň iş tärleriniň we degişlilikde, adamlaryň zähmet meşgullygynyň görnüşiniň, hiliniň, mazmunynyň düýpli özgermegine alyp barýar. Ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň ösmegi, aýratyn-da, ykdysady taýdan kuwwatly döwletlerde intellektual zähmetiň gerimini giňeldýär. Häzirki zamanyň öňe çykarýan, ýagny çalt depginde ösýän ulgamyň işini göz öňüne getirip aýtsak, ykdysady işi alyp barmagyň täze çemeleşmelerini içgin öwrensek, ozal peýdalanylmadyk intellektual mümkinçilikler ýüze çykýar. Ine, bu bolsa sanlylaşdyrma arkaly ykdysady ulgamyň ösüş depginini täzeçe röwüşde ösdürmekdir.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar