Işleri sazlaşykly, önümleri geçginli

7 Awgust 2024
130

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileri ýylyň-ýylyna pagtanyň bol hasylyny ýetişdirýärler. «Ak altyn» bolsa dokma pudagynda iň gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda pagta süýümini gaýtadan işläp, ondan ýokary hilli nah ýüplükleridir beýleki dokma önümlerini öndürmekde kärhanalaryň 70-den gowragy bökdençsiz işledilýär. Döwrüň iň ösen tehnologiýalary bilen doly enjamlaşdyrylan bu dokma kärhanalarynda öndürilýän önümler özüniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da geçginli harytlaryň hatarynda tanalýar. Pagta süýümini gaýtadan işlemegiň we önüm öndürmegiň mukdaryny ýylsaýyn ýokarlandyryp, işini sazlaşykly ýola goýan kuwwatly dokma kärhanalarynyň hatarynda Seýdiniň pagta egriji fabrigi hem bar.

— Fabrigimiz 2014-nji ýylda açylyp, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň we Russiýa Federasiýasynyň ýokary öndürjilikli enjamlary bilen doly enjamlaşdyryldy. Bizde welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan getirilýän pagta süýümleri gaýtadan işlenilip, esasan, 34-lik belgili nah ýüplükler öndürilýär. Kärhanamyzda işçi-hünärmenleriň 175-si yhlasly zähmet çekýär. Olaryň arasyndan egrijiler Aýdäne Akmyradowa, Dilber Reýimowa, Hurma Şöhradowa, enjamlary abatlaýjy ussalar Bahram Narlyýew, Hojakuly Tajyýew we kärhanamyzyň barlamhanasynyň hil gözegçisi Bahar Penjiýewa dagy iň göreldeli işgärleriň hatarynda tanalýarlar. Işgärleriň zähmetini goramakda we tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmekde Kunduz Omarkulyýewa zerur işleri alyp barýar. Önümçilik iki iş çalşygynda guralýar. Fabrigiň tehniki binýadynyň üsti täze tehnologiýalar bilen ýetirilip durulýar. Bu bolsa işleriň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün edýär. Döredilýän amatly şertler üçin fabrigimiziň zähmet adamlary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýdýarlar — diýip, fabrigiň ýolbaşçysy Zakir Açilow buýsançly belleýär.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar