«Türkmenawtoulaglary» agentligi 6 aýda ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnamasyny 105,2% ýerine ýetirdi

7 Awgust 2024
121

Ýolagçy gatnatmak boýunça şu ýylyň birinji ýarymynyň görkezijileri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň netijeli işiniň beýanydyr.

Agentlik 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 122 million 362 müň 300 ýolagçyny gatnadyp, öňde goýlan meýilnamany 105,2% ýerine ýetirdi. Ýeri gelende ýatlasak, bu ugurda 2023-nji ýylyň netijesi 118 million 533 müň 600 ýolagçy bolupdy. Görşümiz ýaly, netijeler 3 million 828 müň 700 ýolagçynyň artyk gatnadylandygyny mälim edýär. Bu bolsa 103,2% netijäniň gazanylandygynyň nyşanydyr.

Beýleki habarlar