Şanly ýyly şowly jemlemek üçin

6 Awgust 2024
210

Öňdebaryjy kärhanada üstümizdäki ýylyň geçen ýarym ýylynda gazanylan önümçilik görkezijileri şu ýylyň hem uly üstünliklere beslenjekdiginde aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýerde gürrüň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň agzybir hem-de ussat hünärmenleriniň bitirýän guwandyryjy işleri hakynda barýar.

— Önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanylmagy, çig mallar bilen üpjünçiligiň gowulandyrylmagy, esasan bolsa, işgärlerimiziň yhlasly zähmet çekmekleri arkaly şanly ýylyň her bir aýy şowly jemlenilýär. Ahyrky netijede bolsa gymmatly nebit önümleriniň öndürilýän möçberleri yzygiderli artdyrylýar — diýip, zawodyň baş ykdysatçysy Reýimguly Orazow kanagatlanma bilen gürrüň berýär.

Mämmet GYLYJOW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar