Türkmenistan — Eýran: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we giň mümkinçilikleri

5 Awgust 2024
170

Redaksiýadan: häzirki wagtda Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki tarapyň hem milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýarlar. Ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrmagy maksat edinip, ony iki dostlukly halkyň bähbidine amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar arkaly pugtalandyrýarlar. Şunda ýokary derejedäki saparlardyr gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi bermegiň möhüm şerti hasaplanýar. Ýakynda bolsa türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. Dostlukly döwletiň Baştutanynyň goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk babatda saýlanyp alnan ýoluň dowam etdiriljekdigini tassyklamagy türkmen-eýran gatnaşyklarynyň-da mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynamy artdyrýar. Biz hem şular barada gürrüň bermegini sorap, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekiline ýüz tutduk.

Ali Mojtaba RUZBEHANI,
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi.

Beýleki habarlar