Milli walýutanyň hümmetini artdyrmak üçin 36,8 milliard amerikan dollary bölünip berildi

4 Awgust 2024
119

Ýaponiýanyň Hökümeti 2024-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda milli walýutanyň hümmetini artdyrmak üçin 36,8 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesini bölüp berdi.

TASS habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu görkeziji şu ýylyň aprel-maý aýlary bilen deňeşdirilende, ep-esli azdyr. Has takygy, aprel-maý aýlarynda ýurduň Hökümeti hut şol maksat bilen 65,2 milliard amerikan dollaryny sarp edipdi.

Beýleki habarlar