Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Sentýabr 2024

2 Awgust 2024
1029

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04

Hamallar hem sentýabr aýynda öz häsiýetlerindäki käbir kem-käs ýerleri düzetseler, üstünlige barýan ýoluň ep-esli bölegini geçdikleri bolar. Ilki anyk maksat goýup, soňra hereket ediň. Bu aý siziň iş ýagdaýyňyzyň birsydyrgyn bolmagyna garaşylýar. Eger bilimiňizi artdyrjak ýa-da tejribe babatda goşmaça sapaklara ýazyljak bolsaňyz aýyň başy amatly bolar. Aýyň ikinji ýarymynda ýeňil-ýelpaý isleglere aldanyp, ähmiýetsiz zatlaryň söwdasy zerarly çykdajy etmegiňiz ahmal. Sentýabrda hamallar özlerini örän oňat duýarlar. Şeýle-de bolsa aýyň ahyrynda agyr-artyk hereket etmän, köpräk dynç aljak boluň.

Beýleki habarlar