Golýazmalar — gymmatly hazyna

1 Awgust 2024
220

Paýtagtymyzda arap sungatyna we golýazmalaryna bagyşlanan çäreler geçirilýär

Düýn Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdul Aziz adyndaky Ylmy merkeziniň «Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelligi we olaryň has seýrek duş gelýänleri» atly sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna dostlukly döwletiň Ylmy merkeziniň Ýerine ýetiriji başlygy Turki Al-Şuwaýyryň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýet, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary hem-de Medeniýet ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Begli ABDYKADYROW.
Surata düşüren Hasan MAGADOW.
Beýleki habarlar