Mukaddeslikleriň mertebesi

31 Iýul 2024
230

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş tejribelerinden susulyp alnan, döwleti dolandyrmagyň we halky söýmegiň, ukyp-zehiniň bilen il-güne hyzmat etmegiň nusgasyna öwrülen, döwrebap we uzak geljege niýetlenen syýasy pähimleri açyp görkezýän milli ýörelgelerimizden, medeni mirasymyzdan, halkyň ruhy genji-hazynasyndan söz açýan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýaşlaryň durmuşyna dahylly we örän peýdaly manylary özünde jemleýän akyl-paýhas hazynasydyr. Watanymyzyň beýik taryhy — ýurdumyzyň belent tarypydyr. Ýaş nesillerde watançylyk duýgusyny kämilleşdirmek we onuň gymmatyny düşündirmek mukaddes borçdur. Durmuşa düşünmegiň ýollaryny, usullaryny ata-eneler ogul-gyzlaryna kitabyň üsti bilen, şeýle-de edim-gylym, edep-terbiýe arkaly öwredýär. Olar Watany söýmegi belent borç hökmünde görüpdirler. Ýaşulularyň aýtmagyna görä, dünýäniň derdi-mähneti şu zatlardadyr. Olaryň birinjisi, ýurduňdan aýralyk, hatda ol bir sagat bolsa-da; ikinjisi bergidarlyk, ol bir teňňe bolsa-da; üçünjisi, dilegçilik ol bir däne bolsa-da. Türkmen dessanlarynda, kyssalarynda wakalar esasynda aýdylýan «Müsürde şa bolanyňdan, öz iliňde geda bol» diýen parasatly jümle hem «Watan» atly gymmatlygyň ynsan üçin nähili ezizdigini kemsiz subut edýär.

Watana bolan söýgi — halkymyzyň geçmişine, şu gününe we geljegine bolan buýsanç hem-de ynamdyr. Mukaddeslikleri öz mynasyp mertebesinde saklamak borçdur. Çünki olaryň özeninde biziň işlerimiziň rowaçlanmagyna, dost-doganlyk gatnaşyklaryň jebisleşmegine, berekediň bolluk bilen ýaýylmagyna sebäp bolýan täsin güýç bar. Watansöýüji ynsan üçin ata Watanyň gymmatyny düşündirip oturmagyň hajaty ýok. Watançylyk, watanperwerlik duýgusy biziň ganymyzda, damarymyzda bar. Paýhas bilen ölçerip görseň, Watan — uçmah bagy, ynsan köňli — şelpeli saz guraly, türkmeniň ýürek gürsüldisi — ajaýyp mukam, damarynyň tirpildisi şol mukamyň belent perdeden gopýan kakuwydyr. Onsoň süňňüň-köňlüň Watan söýgüsine ýugrulyp durka, joşmazlyk asla mümkin däldir.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar