Giň gerimli gurluşyklar — täze taryhy döwrüň aýdyň nyşany

31 Iýul 2024
206

Şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda gurluşyk pudagynyň hem durnukly ösýändigini aýdyň görkezdi. Ýanwar — iýun aýlarynda gurluşykda jemi içerki önümiň ösüşiniň iň ýokary görkezijileriniň birine, ýagny 9,3 göterime ýetildi. Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Bu, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür. Şu ýylyň birinji ýarymynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary öndürýän täze kärhanalaryň döredilendigi, köp sanly senagat desgalarynyň gurlup ulanmaga berlendigi aýdyldy.

Mälim bolşy ýaly, gurluşyk-senagat toplumyny netijeli ösdürmek iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň”, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Diňe şu ýylyň alty aýynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 454 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Ýylyň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleri, çagalar baglaryny hem-de 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesini gurmak hakynda iki sany Karara gol çekdi.

(TDH)
Beýleki habarlar