Halkara giňişlikde

31 Iýul 2024
192

Bilelikdäki işiň mümkinçilikleri

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýewiň Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary A.Ekinji bilen geçiren duşuşygynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýylyň dowamynda ýokary hem-de iň ýokary derejede guraljak saparlara aýratyn üns çekildi. Taraplar ýangyç-energetika pudagynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň meseleleri boýunça jikme-jik pikir alşyp, söwda-ykdysady ugurda özara hereketleri işjeňleşdirmegiň, energetika, ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar