Ýangyç-energetika: netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip

30 Iýul 2024
219

Düýn «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) birinji wise-prezidenti Abdulla Al Şamsiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyklary geçirildi. Olarda ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Mälim bolşy ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käninde bilelikdäki işiň anyk ugurlaryny kesgitlän möhüm resminamalara gol çekilipdi. Häzirki wagtda bu ylalaşyklary işjeň durmuşa geçirmek boýunça tagalla edilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşykda taraplar bu käni özleşdirmegiň taslamasynyň hukuk, täjirçilik, maýa goýum, maliýe, tehniki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň özi gönüden-göni Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrmak bilen baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň 2022 — 2024-nji ýyllarda Birleşen Arap Emirliklerine bolan saparlarynyň dowamynda nebit-gaz pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk binýady goýuldy. Şoňa görä, bu gezekki duşuşygyň esasy aýratynlygy “ADNOC” kompaniýasy tarapyndan Gazagystanyň nebitgaz kompaniýalary bilen bilelikde işlemäge taýýarlygyň beýan edilmegi boldy. Şunda türkmen tarapynyň Türkmenistanyň goňşy döwletleriň ykdysady düzümleriniň iri möçberli halkara gaz taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagyny goldaýandygyny tassyklandygyny nygtamak gerek.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar