Alkyş getirýän aladalar

29 Iýul 2024
146

«Döwlet adam üçindir!» Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutanlygyna girişen ilkinji günlerinde öňe süren bu dünýä nusgalyk ýörelgesi geçen ýyllarda özüniň anyk beýanyny tapdy. Ilatyň jana-jan bähbitlerine, adamlaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen işler giň gerimli we uly möçberlidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluna ynamly eýermek bilen, bu nurana ýörelgäni täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-ýurt bähbitli işler barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigine ilatly ýerleri gazlaşdyrmak, gaz ulgamynyň sazlaşykly hereket etmegini gazanmak boýunça Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler hem bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar