ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

29 Iýul 2024
347

27-nji iýulda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işlerini, «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, konserwirlemek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek, ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek babatda öňde durýan wezipeler hem-de beýleki meseleler girizildi.

Mejlisde gün tertibindäki meseleler boýunça edilen çykyşlarda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hasabat döwründe öz işini 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda alyp barandygy bellenildi we bu ugurda maý aýynda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigine aýratyn üns çekildi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar