Slowakiýada we Rumyniýada syýasy geňeşmeler geçirildi
Golaýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirmek maksady bilen, Slowakiýa Respublikasynda we Rumyniýada saparda boldy. Türkmen tarapy Bratislawada Slowakiýanyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary M.Eştok, Ykdysadyýet ministrliginiň döwlet sekretary W.Şimonýak, ýurduň Prezidentiniň diplomatik meseleler boýunça geňeşçisi Ý.Kubiş, Milli Geňeşiniň Daşary işler boýunça komitetiniň başlygy M.Keri, Söwda-senagat edarasynyň başlygy P.Mihok bilen duşuşyklary geçirdi. Olaryň barşynda syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer, parlamentara ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. Ykdysady gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak barada ylalaşyk gazanylyp, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň nobatdaky mejlisini geljek ýylda Bratislawada geçirmek bellenildi.