«Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahatynyň jemlerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi

21 Iýul 2024
153

19-njy iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli bilen duşuşygy boldy. Ol şu ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahatynyň jemlerine bagyşlandy.

Duşuşykda iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de öňdebaryjy kompaniýalarynyň hünärmenleriniň gatnaşan işewürlik maslahatynyň ýokary guramaçylyk we netijeli häsiýete eýe bolandygy bellenildi. Bu forumda Emirlikleriň energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlaryna ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy hem-de giňeltmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy.
Beýleki habarlar