Türkmen wekiliýeti logistika boýunça üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy

21 Iýul 2024
192

Aktau şäherinde (Gazagystan) 19-njy iýulda geçirilen ilkinji «Demirgazyk — Günorta» söwda-logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda ulag ulgamynda üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar geljekde Pakistana çykmagy nazara almak bilen, Gazagystan — Türkmenistan — Owganystan ugry boýunça ýükleri daşamagyň şertlerine garadylar. Şol bir wagtyň özünde, agzalan üçtaraplaýyn duşuşykda türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine (Owganystan) çenli uzajak demir ýoluň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine türkmen, owgan we gazak taraplarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

Gepleşikleriň dowamynda «Gazagystan — Türkmenistan — Owganystan» ulag ugrunyň «Demirgazyk — Günorta» üstaşyr geçelgesiniň möhüm bölegi bolup durýandygy, onuň netijeli peýdalanylmagynyň ýükleri daşamagy başlangyç tapgyrda 5-den 8 million tonna çenli möçberde, geljekde bolsa, 20-den 30 million tonna çenli üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.

Çeşme: mfa.gov.tm
Beýleki habarlar