Ruhubelentligiň mekany

19 Iýul 2024
375

Ynsan saglygy ähli ösüşleriň we üstünlikleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde keselleriň öňüni alyş işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, degişli kanunlar hem-de maksatnamalar kabul edilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri esasynda saglygy goraýyş ulgamynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde sanly ulgam arkaly tejribe alyşmak, näsaglara degişli maslahatlary bermek ýola goýuldy. Bu bolsa saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini halkymyza ak ýürekden hyzmat etmäge, has netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Jeren MUHANOWA,
Boldumsaz etrap hassahanasynyň iç keseller bölüminiň müdiri, II derejeli terapewt-lukman.
Beýleki habarlar