HALKLARY DOSTLAŞDYRÝAN ŞYGYRLAR

19 Iýul 2024
212

Özbegistan — dostlugyň, dostlaryň Diýary, parahatçylygyň mekany, döredijileriň mesgeni. Bu ýurtda 130-dan gowrak milletiň wekilleri ýaşaýar. Olaryň hemmesiniň hem diline, edebiýatyna, sungatyna, milli däp-dessurlaryna döwlet tarapyndan uly hormat goýulýar. Özbegistanda türkmen milletiniň wekilleri hem agzybirlikde, dost-dogan bolup ýaşaýarlar, zähmet çekýärler.

Soňky ýyllarda Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň arasynda festiwallar, dostluk agşamlary, iki halkyň beýik şahsyýetleriniň döredijiligine bagyşlanan çäreler barha giň gerime eýe bolýar. Belli bolşy ýaly, şu ýylyň 19-njy fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan senesiniň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda» Karara gol çekdi. Şol Karara laýyklykda, şu ýylyň 2-nji maýynda gözel paýtagtymyz Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletlerara gatnaşyklar we daşary ýurtlar bilen dostluk aragatnaşyklary komiteti, Respublikanyň Türkmen medeni merkezi hem-de Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň wekiliýeti hem-de ýurdumyzdaky birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, şol sanda Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzalary, žurnalistler, talyplar gatnaşdylar. Dabaranyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň eserleriniň, türkmen milli hünärmentçilik önümleriniň hem-de ajaýyp halylarynyň sergisi guraldy.

Kemaletdin MUHANOW,
Özbegistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň «Ýaşlar» radioýaýlymynyň türkmen dilindäki gepleşikleriniň taýýarlaýjysy we alyp baryjysy.
Beýleki habarlar