Görk agyzdan

17 Iýul 2024
192

Edil arassaçylyk, hereketjeňlik ýaly kadaly we dogry iýmitlenmek hem ynsan saglygynyň girewidir. Sagdyn iýmitlenmek beden üçin fiziologik zerurlyk bolmak bilen, ynsanyň doly bahaly ýaşaýşyny üpjün edýär, ýokanç we ýokanç däl keselleriň birnäçesiniň öňüni alýar.

Sagdyn iýmitlenmek — bu iýmit önümleriniň biodürlüliligi, iýmitlenmegiň tertibi, kabul edilýän iýmitiň mukdary, iýmit önümleriniň gözegçiligi ýaly görkezijileri öz içine alýar. Howanyň yssy günlerinde adam bedenindäki himiki madda alyş-çalşygynyň çaltlaşýandygyny, bedeniň energiýany az sarp edýändigini göz öňünde tutup, ýagly hem-de siňmesi agyr iýmit önümlerinden saklanmaly. Gündelik iýmitiňize ýokumlara, minerallara, mikroelementlere baý miweleri, ir-iýmişleri, gök-bakja we süýt önümlerini goşmaklyk maslahat berilýär.

Döwletgeldi BORJAKOW,
Saýat etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany.
Beýleki habarlar