Halkara giňişlikde

17 Iýul 2024
216

Türkmen wekiliýeti WIPO-nyň mejlisinde

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ženewada geçirilýän Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasyna (WIPO) agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar. Şu gün öz işini tamamlaýan çäräniň çäginde WIPO-nyň düzüm birlikleriniň, ýörite komitetleriniň, sebitleýin toparlarynyň nobatdaky we adatdan daşary mejlisleri geçirilýär. Köptaraplaýyn mejlisleriň dowamynda intellektual eýeçilik, awtorlyk hukugy we garyşyk hukuklary goramak, innowasion tehnologiýalary, emeli aňy höweslendirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Mejlis bilen utgaşyklykda Ýewraziýa Patent Guramasynyň (EAPO) 30 ýyllygyny bellemek boýunça çäreler hem guraldy. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan ilkinji bolup EAPO-nyň Konwensiýasyna goşuldy we häzirki wagtda guramanyň Administratiw geňeşinde başlyklyk edýär.

«TÜRKMENISTAN»
Beýleki habarlar