Şöhratly taryhymyza sarpa

16 Iýul 2024
260

Ajaýyp döwrümizde gadymy türkmen topragynyň şöhratly taryhy, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni ýadygärlikleri çuňňur öwrenilip, halkymyzyň umumadamzat ösüşine goşan goşandy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmeginiň uly ylmy we taryhy ähmiýeti bardyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygy uly ähmiýete eýedir. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamasy kabul edildi. Degişli hödürnama esasynda ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň 6-sy, ýagny Lebap welaýatyndaky gadymy Amul galasy we Mary welaýatyndaky Mansaf galasy, Könegala, Akjagala we Gyzyljagala kerwensaraýlary hem-de orta asyr Kuşmeýhan duralgasy bu halkara düzümiň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi sebitiň ekoulgamyny goramakda, medeni gatnaşyklary berkitmekde, tebigy täsinlikleri gorap saklamakda örän wajypdyr. Sebäbi Beýik Ýüpek ýoly ýüzýyllyklaryň dowamynda diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine däl, eýsem, medeniýetleriň baýlaşmagyna, aň-bilimleriň kämilleşmegine hem onuň täsirini ýetirdi.

Gülüstan JOMARTOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar