Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär

15 Iýul 2024
194

Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Söwda-senagat edarasynyň baş direktory Aly Said Bu Şarbak Al-Mansuri bilen duşuşdy.

Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini, şeýle-de azyk senagaty, oba hojalygy we gurluşyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Beýleki habarlar