Galla — halkyň baýlygy

12 Iýul 2024
282

Ata-babalarymyz: «Gallam bar — tyllam bar» diýipdirler. Çünki galla bolçulygy rysgal-berekediň, döwletliligiň nyşany hasaplanylýar. Şu jähetden, edermen gallaçylarymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen şu ýylymyzda hem ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Türkmen halkynyň iň gadymy ekerançylyk medeniýetini esaslandyryjylaryň biridigi bellärliklidir. Munuň şeýledigini köp sanly arheologik barlaglaryň netijeleri hem tassyklaýar. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda topragy özleşdirmegiň baý tejribesine esaslanyp, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdiripdir. Çörege ähli döwürlerde-de mukaddeslik hökmünde garalyp, ol bolçulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplanypdyr. Şu jähetden, şu ýyl ilkinjileriň hatarynda Balkan welaýatynyň zähmetkeşleriniň hem-de 270 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny Watan harmanyna tabşyrmak bilen, Daşoguz welaýatynyň gallaçylarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri örän guwandyryjydyr. Şeýle hem Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň Watan harmanyna, degişlilikde, 400 müň, 310 müň we 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri zähmet edermenligidir. Çünki ata Watanymyzyň «altyn» harmanyny barha beýgeldýän galla önümçiliginiň möçberiniň meýilnamalaýyn esasda artmagy ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň we gülläp ösüşiniň, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň kepili bolup durýar.

«Nesil».
Beýleki habarlar