Söz manysy

13 Ýanwar 2021
1288

Tekýe

Ene dilimize degişli bolan, irki halk döredijiligi eserlerinde we ýazuwly edebiýatymyzda ulanylan bu söz ýassyk manysynda gelýär. Munuň hakykatdan-da şeýledigi «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» hem görkezilipdir. «Görogly» eposynyň «Ar alyş» şahasyny okanymyzda şeýle sözler bar: «Arap zaňňar bir beýik sypanyň üstünde, ullakan güjümiň teýinde dokuz gat çymylgany taşlap, baş ujunda dokuz tekýe, aýak ujunda bäş tekýe taşlap, arkan düşüp, horlap ýatyr».

Suraý MAMENOWA,
Akdepe etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar