«Düýäm bar dünýäm bar»

11 Iýul 2024
303

Ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. «Sähra gämisi» diýip at berlen sabyrly, agras, ýüňüdir çaly müň bir derdiň dermany bolan düýe maly hem halkymyzyň gymmatly hazynasydyr.

Ýakynda, ýagny 10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde türkmeniň dünýe malyna deňän düýe malyna we düýe bezemek däplerine bagyşlanyp ilkinji gezek «Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri» atly sergi açyldy. Sergide halkymyzyň geçmiş taryhynyň aýrylmaz bölegi bolan düýeler we olaryň bezeg esbaplary — inçeden sünnä edilip dürli keşdeler bilen keşdelenen guramalar, düýebaşlyklardyr düýehalyklar sergä gelenlerde uly täsir galdyrýar.

Maýa GURDOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Edebiýat we sungat» gazetinde tejribe geçýän talyby.
Beýleki habarlar