Hemişeligiň heýkeli

10 Iýul 2024
274

Siz olary bir görsediňiz. Astananyň gözel künjegi — çäräniň geçýän ýeri ir ertirden toý şatlygyna beslenipdi. Tomsuň ortaky aýy bolsa-da, howa salkyndy. Köçeden geçip barýanlara çenli sähel wagtdan açylmaly, häzir weli üsti örtülgi ýadygärlige intizar nazar bilen bakýardylar. Haý diýmän ýüzbe-ýüz bolunjak sungat eseriniň neneňsidigi hemmeler üçin gyzyklydy. Ulynyň-kiçiniň elinde ter güller, dostluk-doganlyk baýdajyklary parlaýar. Bu görnüşler dünýä ýüzünde akyldara goýulýan sarpanyň egsilmezdigini görkezdi.

Mähelläniň elinde gazak dilindäki «Arkadag pähiminden dörän seýilgäh» atly kitapça. Ol Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky heýkellere bagyşlanan. Ýanymyzda duran gazak doganymyz kitapçadaky suratlary synlap durşuna, öňden tanyş ýaly seredip: «Magtymguly — dünýä edebiýatynyň ägirdi. Onuň doglan gününiň 300 ýyllygy şahyr ählini, tutuş Ýer ýüzündäki ýazyjy-şahyrlary-da mertebeleýär» diýdi. Bu ýere gelen her bir adamda Magtymgula hormat bardy. Olary bu ýere şahyryň sözi getiripdi. Sözlerindäki buýsanç gözlerinde uçganaklaýardy. Çünki bu gün sözüň baýramy. Sungatlar sazlaşýar. Sungatlar sözleşýär.

Beýleki habarlar