Milli miras

10 Iýul 2024
327

Toý bezegi çelpek bilen gatlama

Mirasymyza sarpaly halkymyz owal-ahyr asylly däplerine, milli ýörelgelerine uly hormat-sarpa goýup gelipdir. Müň dürli naz-nygmat bilen toý saçaklaryny bezäp, myhman garşylap, ýokary derejede hyzmat edipdir. Bu ýörelgeler, dessurlar nesilden-nesle geçip, öz gymmatyny ýitirmän biziň häzirki günlerimize hem gelip ýetipdir. Häzirki taryhy döwrümizde pederlerimizden, ene-mamalarymyzdan miras galan şol milli däp-dessurlarymyz, asylly ýörelgelerimiz döwrebap derejede dowam etdirilýär. Onuň şeýledigi türkmeniň dabarasy dag aşýan toý-baýramlarynyň mysalynda hem aýdyň görünýär. Türkmen toýlarynda giňden ýazylan saçaklarda müň dürli nygmatlaryň arasynda çelpek bilen gatlamanyň orny has uludyr. Olaryň arzysy aşyp, diňe bir toý saçaklaryny bezemek bilen çäklenmän, gudaçylyk gatnaşyklaryndaky däplerde hem esasy saçak hökmünde ulanylýar. Bu arzyly nygmatlary taýýarlamakda zenanlar ýokary ussatlygyny görkezýärler. Şeýle ussat zenanlaryň biri hem ildeşimiz, Görogly etrabynyň Görogly şäheriniň ýaşaýjysy Patma Meredowadyr. Patma daýza indi 30 ýyldan bäri bu nygmatlary taýýarlap, ildeşlerinden gelýän buýurmalary göwnejaý ýerine ýetirip, alkyş alyp gelýär. Çelpek bilen gatlamany taýýarlamagyň we olary toý-märekelerde ýerlikli ulanmagyň usullary barada Patma daýza bilen söhbetdeş bolduk.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Mahym PIRIÝEWA,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar