Halk terbiýesinde tebigata söýgi

9 Iýul 2024
275

Halkymyzyň nesillere terbiýe bermek işiniň taryhy irki döwürlere uzamak bilen, asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, baý mirasa öwrülipdir. Aýratyn hem, edep-terbiýe düşünjesinde ynsanperwerlik esasy orny eýeleýär. Ynsanperwerligiň özeninde bolsa, sylag-hormat, ýagşylyk, parahatçylyk söýüjilik, päk niýetlilik ýaly düşünjeler bar.

Ynsanda gowy häsiýetleri emele getirmekde tebigata bolan söýgini döretmek derwaýys meseleleriň biridir. Çünki ynsan bilen tebigat aýrylmaz baglanyşykly. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Hakykatdan-da, türkmen tebigatynyň, çölüniň, dagynyň, düzüniň we sährasynyň, hatda howasynyň hem halkymyzyň özboluşly häsiýetine mahsus täsinligi bar. Tebigat bilen şol ýerde ýaşaýan ilatyň arasynda täsin arabaglanyşyk, biri-birine dahyllylyk duýulýar» diýip belleýär.

Aziz HASANOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.
Beýleki habarlar