Törlere ýaraşyk gülli keçeler

3 Iýul 2024
302

Mirasym — hazyna-genjim

Arkama-arka dowam edip, biziň şu günlerimize gelip ýeten el işleriniň biri bolan milli keçelerimiz törlerimiziň, toýlarymyzyň ýaraşygydyr. Türkmen zenanlarynyň döredýän nepis sungaty halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülendir. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp, Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek boldy.

Ejeş GUWANJOWA.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».
Beýleki habarlar