TÜRKMENISTAN WE HINDISTAN: DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIWESI

2 Iýul 2024
416

Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä ýurtlary, şol sanda Hindistan bilen köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky başlangyçlary täze ösüşe we mazmuna eýe bolýar. Energetika, ulag, logistika, maýa goýum, oba hojalyk, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar iki ýurduň gülläp ösmegine goşant goşýar hem-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkidýär, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze ugurlary açyp, ozal ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da giňeldýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen işleri netijesinde özara tanyşmak hem-de tejribe alyşmak ýaly ugurlara hem aýratyn uly üns berilýär. Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary hem munuň aýdyň mysalydyr. Köpugurly ylmy, medeni gatnaşyklaryň hataryna türkmenistanly döredijilik işgärleriniň zeminiň jenneti hasaplanylýan Hindistan Respublikasyna ýaňy-ýakynda döredijilik saparynda bolandyklaryny hem goşup bolar.

Gülşat ORAZMYRADOWA,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň jogapkär kätibi
Beýleki habarlar