Özbegistan energiýa serişdeleriniň importyny artdyrýar

30 Iýun 2024
341

Özbegistan 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda energiýa serişdeleriniň importyny görnetin artdyrdy.

Hasabat döwründe Özbegistan tebigy gazyň importyny 4,2 esse köpeltdi. Şunlukda şu ýylyň 5 aýynda özbek bazary üçin daşary ýurtlardan satyn alnan «mawy ýangyjyň» umumy bahasy 643,2 million amerikan dollaryna deň boldy. Şol bir wagtyň özünde goňşy ýurt kömrüň we elektrik energiýasynyň importuny hem ýokarlandyrdy. Has takygy, Özbegistan 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda 73,6 million amerikan dollarlyk kömri (geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6,4 göterim ýokary) hem-de 72,2 million amerikan dollarlyk elektrik energiýasyny (geçen ýylyň degişli döwründäkiden 21,6 göterim ýokary) daşary ýurtlardan satyn aldy.

Taýýarlan: Azat PIRNEPESOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar