Ýadygärlikler — türkmen halkynyň ruhy dünýäsi

23 Iýun 2024
550

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy biziň her birimiziň buýsanjymyzdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem muzeýlerde, ylmy maslahatlarda ata-babalarymyzyň geçen ýoly, gadymdan gelýän gymmatly mirasymyz giňden wagyz edilýär. Munuň özi milli medeniýetimize, gadymdan gelýän mirasymyza belent sarpany aýdyň beýan edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde taryhy binalary ylmy esasda öwrenmäge, binagärlikde ulanylýan sungatyň, bezegleriň aýratynlyklaryny durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa milli mirasymyzy saklamak we ony dünýä derejesinde ýaýbaňlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän iri göwrümli işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Nursoltan NEPESOWA,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar