Ýeralmanyň bol hasyly

19 Iýun 2024
402

Welaýatymyzyň ekerançylary 1400 gektar meýdanda ýetişdirilen ýazlyk ýeralmadan 19600 tonnanyň ýerine 20 müň tonna golaý hasyl ýygnap, bu boýunça meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýeralma ekilen meýdanlaryň her gektarynyň hasyllylygynyň meýilleşdirilen 140 sentnerden hem ep-esli geçmegi daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendigini aýdyň görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýene-de üstünlikli dowam etdirilýän oba hojalyk özgerişlikleri pudagyň önüm öndürijilik ukybyny mese-mälim ýokarlandyrýar. Netijede, zerur bolan önümleriň, aýratyn hem azyklyk önümleriň bolçulygy doly üpjün edilýär. Ilatyň saçagyna azyklyk we beýleki ter önümler yzygiderli gowuşýar. Ýeralmanyň uly möçberdäkisiniň ýygnalmagy hem hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen gol çeken möhüm Kararynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.

Ilmyrat BERDIÝEW.
Beýleki habarlar