Bedew atdyr goç ýigidiň ganaty

19 Iýun 2024
732

Türkmen halky adamzat medeniýetine uly goşant goşan halkdyr. Azym-azym döwletleri gurup, dünýä öz hökümini ýöreden halk özüniň deňsiz-taýsyz halylary, alabaý iti we ahalteke bedewleri bilen hem taryh sahypalarynda öçmejek yz galdyrdy.

Türkmeniň «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen köneden gelýän nakyly hem halkymyzyň gamyşgulak bedewlerini näderejede sylap-sarpalaýandygyny subut edýär. Taryhyň çuňluklaryndan bäri halkymyzyň dilinden düşmän gelýän toý aýdymlarynda, dessanlarda, rowaýatlarda, nakyllarda we atalar sözlerinde gamyşgulak bedewlerimiziň waspyna aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewleri — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen medeniýeti» atly kitaplarynda türkmen halkynyň asyrlarboýy ahalteke bedewlerini uçar ganatyna deňäp, iň ýakyn syrdaşy saýyp gelendigi baradaky taryhy maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ahalteke tohumly bedewler dünýäniň medeni atşynaslygynyň gözbaşydyr.

Sapargül HALDURDYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar