Paýtagtda toý dabaralary

19 Iýun 2024
321

Gurban baýramynyň dabaralary paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy. Geçirilen konsertlerde ýaňlanan aýdym-sazlarda, joşgunly tanslarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilmegi öz beýanyny tapdy.

Gurban baýramy ruhy päkligiň, nurana arzuwlaryň baýramy bolmak bilen, halkymyzy täze ýeňişlere, uly üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň 16-17-18-nji iýunda üç günläp Gurban baýramyny bellemek hakynda gol çeken Permanyna laýyklykda, ildeşlerimiz bu mübärek baýram günlerinde gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy berjaý edip, gurbanlyk sadakalaryny berdiler, şeýle-de medeniýetli dynç almaga mümkinçilik aldylar. Baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzyň medeni merkezleri hem gapylaryny giňden açyp, şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna döwrebap hyzmatlary hödürledi. Gurban baýramynyň milli däp-dessurlarynyň baş şäherimiziň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan medeni çäreler bilen utgaşmagy ähli ýaşdaky watandaşlarymyza ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar