Ynsan saglygyny goramakda we pugtalandyrmakda, keselleriň öňüni almakda adamyň sagdyn hem ruhubelent bolmagynda sport bilen meşgullanmak peýdalydyr. Sportuň haýsydyr bir görnüşi bilen her gün ýarym sagat, bir sagat töweregi meşgullanýan adamyň bedeni berk, ruhy hem belent bolýar.
Elbetde, sport bilen çagalykdan meşgullanylyp başlanylsa, oňa ýetesi zat ýok. Ýöne sportuň ähli görnüşi kiçilikden meşgullanylmaga degişli däldir. Hünärmenleriň bellemegine görä, çagalaryň sagdyn ösmegi üçin peýdaly sport görnüşleriniň esasylarynyň biri suwda ýüzmekdir.