Öňdebaryjy tejribeleri özleşdirip

7 Iýun 2024
405

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly özgertmeler ýurduň ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Şunda ylmy-önümçilik ugurlary anyk kesgitlenip, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Halkara guramalar, şol sanda Halkara atom energiýasy agentligi bilen hyzmatdaşlygyň çägindäki işler hem barha ilerleýär.

Sebitleýin taslamanyň çäginde suwdan rejeli peýdalanmak we suwy tygşytlamak boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň bioenergetika we biomassany işlemek bölüminde energetiki maksatlar üçin mikrosuwotulary ösdürip ýetişdirmekde zeýkeş suwlaryny peýdalanmagyň tehnologiýasyny işläp düzmek boýunça halkara tejribäni özleşdirmekde Halkara atom energiýasy agentligi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary kesgitlenildi. Bu babatda Aşgabatda agentligiň wekilleri bilen ilkinji duşuşyk geçirilip, teklip edilýän taslama bilermenleriň gatnaşmaklarynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçen ýylyň 12 — 14-nji dekabrynda Wena şäherinde agentligiň merkezi edara binasynda guralan sebitleýin okuw maslahatynda taslamany ýerine ýetirmekde halkara tejribäniň gazananlaryny ýerli şertlerde peýdalanmagyň meselelerine garaldy.

Kakageldi SARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar