Körpeleriň şatlygy

5 Iýun 2024
525

1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dabaralar guraldy. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ruhy-ahlak däplerine, umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde konsertler, teatrlaşdyrylan sahnalar, sirk çykyşlary, sergiler, bäsleşikler, sport ýaryşlary we beýleki çäreler guraldy. Şol gün bu şanly waka mynasybetli Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

* * *

«Aşgabat».
Beýleki habarlar