Zer gadyryny zergär biler

5 Iýun 2024
416

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi.

Halkymyzyň milli mirasynyň, senetçilik sungatynyň görnükli nusgalarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli alnyp barylýan işleri wagyz etmeklige, zergärçilik sungatymyzy dünýä ýaýmaklyga goşant goşýan zergärleriň başarnyklaryny ýüze çykarmagy maksat edinen bäsleşige gatnaşanlar onuň şertlerine laýyklykda, saýlap alan zergärçilik hünäriniň ähmiýetini, milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpany çeper dilde beýan etdiler. Taýýarlan çyzgylary esasynda gülýaka, gupba, ýüzük... ýasamak boýunça ussatlyklaryny görkezdiler. Ýasan şaý-sepleri esasynda sergi guradylar. Zergärçilik sungatyny ösdürmekde ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Nursoltan Depbiýewa,
«Balkan». Surata düşüren Waleriý Kiselýow.
Beýleki habarlar