«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary GDA azga ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 60-njy maslahatyna gatnaşdylar

5 Iýun 2024
564

4-nji iýunda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 60-njy maslahatyna gatnaşdylar.

Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde ýokary derejede gurnalan mejlise Türkmenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan ýaly ýurtlardan, şeýle hem GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, Bütindünýä poçta birleşiginiň, GDA-nyň Döwletara statistika komitetiniň, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Beýleki habarlar