Taýland ýene 36 ýurt üçin wiza düzgünini aradan aýyrdy

3 Iýun 2024
529

Taýlandyň Hökümeti birnäçe ýurtdan gelýän syýahatçylar üçin wiza talaplarynyň ýatyryljakdygyny habar berdi. Bu barada «Bangkok Post» ýazýar.

Bu başlangyç ýurduň syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň bir bölegidir. Taýlandyň Hökümetiniň wekili Çaý Waçaronyň aýtmagyna görä, indi raýatlary Taýlanda wizasyz girip bilýän ýurtlaryň sanawy 57-den 93-e çenli artdyryldy. Bu sanawa täze goşulan 36 ýurduň arasynda Hindistanyň, Kambojanyň, Laosyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň hem ady bar.

Taýýarlan: Kerwen ORAZBERDIÝEW,
TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar