Türkmen edebiýatynyň ruhy sütüni

29 Maý 2024
405

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirilýär. Golaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy taryhy waka öwrüldi.

«Berkarar döwlet istärin» diýip, şu günki döwrümizi arzuwlan akyldaryň sarpasy ýurdumyzda we bütin dünýäde belent tutulýar. Pyragynyň döredijiligi ruhy gymmatlyk hökmünde ynsanlaryň kalbyna çuňňur ornaşýar. Şahyryň edebi mirasy ýaş nesillerimiz üçin hem ylham çeşmesidir, kämil watançylyk kelamydyr.

Parawbibi Bekowa,
Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar