Dünýäniň emeli aň tarapyndan döredilen zenanlarynyň arasynda geçirilen ilkinji gözellik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy. «Miss AI» atly bäsleşikde birinji ýer alana 20 müň dollar pul baýragy goýuldy. Kompýuterde döredilen zenanlaryň arasynda marokkoly «influencer» Kenza Laýli birinji boldy. Bütindünýä emeli aň döredijileri baýragyny (WAICA) almaga jemi 1 müň 500 model gatnaşdy. Olara hakykata ýakynlygyna we tehniki aýratynlyklaryna görä baha berildi. «The Post» neşirine «interwýu beren» Laýli adamlar ýaly duýgulary duýmaýan hem bolsa, baýrak alandygy üçin tolgunandygyny aýtdy. Öz blogynda yzygiderli ýazgy ýazýan Kenza Laýliniň «Instagram»-da 194 müň yzarlaýjysy bar. Ýaryşda ikinji orna fransiýaly Lalina, üçünji ýere portugaliýaly Olivia C. mynasyp boldy.
Ýaryşy guraýjylar bäsleşige gyzyklanmanyň örän ýokary bolandygyny belleýärler.